Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanda 400 töweregi tussagyň günäsi geçildi


Şu gün Ermenistanyň parlamenti ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlap, 400 töweregi tussaga, şol sanda 6 sany syýasy aktiwiste günä geçişlik yglan etmek barada karar kabul etdi.

Prezident Serj Sarkisýanyň tarapdarlary agdyklyk edýän parlamentiň deputatlarynyň aglaba köpçüligi bu baradaky plany goldap ses berdi.

Ermenistanyň oppozisiýasy bu çärä hökümetiň oppozisiýa bilen dialoga girmek üçin eden bir edimi hökmünde baha berdi.
XS
SM
MD
LG