Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň paýtagtyndaky protestlerde iki adam öldi


Penşenbe güni Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi Tbiliside şu gün irden parlament binasynyň öňüne ýygnanan protestçileriň dargydylan wagty iki adamyň ölendigini mälim etdi.

Maglumata görä, ölenlerden biri polisiýa işgäri. Ministrligiň metbugat sekretary bu polisiýa işgäriniň bir maşynyň kakmagy netijesinde ölendigini aýdýar.

Gürjüstanyň oppozisiýa toparlary şu günki geçirilen protest çykyşlary wagtynda ençeme aktiwistiň tussag edilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG