Sepleriň elýeterliligi

Belarusda ýene iki oppozisionere höküm çykarylar


Belarusyň sudy geçen dekabrda prezidentlige dalaş edenlerden ýene ikisine garşy höküm çykarar diýlip garaşylýar.

Prezidentlige dalaşgärler Mikalaý Statkewiç bilen Dzimitriý Wusa ýurduň häkimiýetleri bikanun demonstrasiýa gurnamakda we jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozmakda aýyplama bildirýärler.

Ýakynda, 20-nji maýda Minsk şäheriniň sudy geçenki saýlawlarda prezidentlige dalaş eden Uladzimir Nýaklýaýew bilen Wital Rymaşewskiniň hem her birini iki ýyl şertli tussaglyga höküm edipdi.

Şu aýyň başynda bolsa, geçenki saýlawlarda prezident Aleksandr Lukaşenkonyň esasy bäsdeşi bolan Andreý Sannikowa sud bäş ýyl türme tussaglygyny berdi.

Günbatar ýurtlary suduň bu hökümlerini syýasy matlaply hökümler diýip atlandyryp, muny tankyt etdiler.
XS
SM
MD
LG