Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda bir günde dokuz NATO harbysy öldi


Owganystandaky NATO goşunlary bir günde 9 harbysyny ýitirdi.

NATO esgerleriniň 8-si Kandahar welaýatyndaky Şorabak etrabynda güýçli bomba partlamasynyň pidasy boldy. Ol esgerleriň 7-si amerikalydy.

Dördünji gün “Talyban” tarapyndan partladylan bomba iki sany owgan polisiýasyny öldürip, ýene ikisini ýaradar etdi.

Halkara harby koalisiýasy dördünji gün Owganystanyň gündogarynda bolan wertolýot heläkçiliginde ýene bir gullukçysynyň wepat bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG