Sepleriň elýeterliligi

Ýemen zorluklarynda ýene 28 adam wepat boldy


Ýemeniň Goranmak ministrligi paýtagt Sanaadaky ýarag ammarynda bolan partlamada 28 adamyň heläk bolandygyny aýtdy.

Oppozisiýa hökümetiň aýdýanlaryny sorag astyna aldy we ol adamlaryň prezident Aly Abydylla Salehe ygrarly goşunlaryň ýaşaýyş jaýlaryny topa tutmagy netijesinde ölendigini aýtdy.

Söweşiň köp bölegi Sanaanyň demirgazygynda barýar. Ol ýerde kuwwatly tire lideri Sadik al-Ahmara wepaly söweşijiler hökümet binalaryny, şol sanda Içeri işler ministrliginiň jaýyny ele geçirmek üçin hüjüm edýärler.

Duşenbe gününden bäri hökümeti güýçleri bilen Salehiň garşydaşlarynyň arasynda barýan darkaşda 100-den gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG