Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Mladiçiň basymrak Haaga geçirilmegine çagyrýar


Dünýä liderleri uruş jenaýatlarynda gümanlanýan Ratko Mladiçiň Serbiýada tutulmagy baradaky habary hoşallyk bilen garşylap, onuň basymrak sud edilmegine çagyrdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Ştatlar onuň derhal Haagadaky uruş tribunalyna geçirilmegine garaşýar diýdi.

ÝB-niň daşary gatnaşyklar başlygy Ketrin Aşton hem munuň «halkara adalaty we kanunyň hökmürowanlygy üçin möhüm gündügini, indi Mladiçiň Halkara tribunalynyň aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz boljagyny» aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Mladiçiň tussag edilmegi Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy üçin ýene bir ädim diýdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Mladiçiň tussag edilen gününi halkara adalaty üçin «taryhy gün» atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG