Sepleriň elýeterliligi

Dört ýyl bäri türmede oturan azeri žurnalisti azat edildi


Azerbeýjanda tussagda oturan gazet redaktory Eýnulla Fatullaýew prezident amnistiýasynyň çäginde türmeden boşadylýan 90 bendiniň arasynda azatlyga çykdy.

Fatullaýew 2007-nji ýylda, salgytdan gaçmakda, terrorçylyga meçew bermekde we wejeralamakda aýyplanyp, sekiz ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ol bu aýyplamalaryň häkimiýetleri tankytlap ýazan makalalary bilen baglydygyny aýdýar.

2010-njy ýylda Ýewropanyň Strasburgdaky adam hukuklary sudy Fatullaýew azat edilmeli we oňa kompensasiýa tölenmeli diýip höküm çykarandan soň, Baku sudy başdaky terrorizm we salgytdan gaçmak aýyplamalaryny ýatyrdy, ýöne oňa neşe maddalaryny saklamakda täze aýyp bildirip, goşmaça iki ýarym ýyl iş kesdi.
XS
SM
MD
LG