Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Umumy milli synag girizilermi?


Gazagystanyň Gumilýow adyndaky Ýewraziya uniwersitetiniň prorektory Dihan Kazabegiň sözlerine görä, Umumy milli synagyň kompýuterler arkaly geçirilip, netijeleriň hem kompýuter arkaly barlanyp, yglan edilmegi, synaglaryň adalatly bolmagyny üpjün edýär.

Gazagystanyň Gumilýow adyndaky Ýewraziya uniwersitetiniň prorektory Dihan Kazabegiň sözlerine görä, Umumy milli synagyň kompýuterler arkaly geçirilip, netijeleriň hem kompýuter arkaly barlanyp, yglan edilmegi, synaglaryň adalatly bolmagyny üpjün edýär.

27-nji maýda öňki sowet giňişligine degişli köp ýurtlaryň mekdeplerinde Umumy milli synag geçirilip başlandy. Orsýetde bu synag orta mekdepleri gutaran uçurymlar üçin hökmany. Bu testleriň netijesi boýunça uçuryma orta mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnama berilýär.

Gazagystanda we Gyrgyzystanda Umumy milli synagy esasan okuwyny ýokary okuw jaýlarynda dowam etdirmek isleýän uçurymlar tabşyrýarlar. Şol testleriň netijesi boýunça abituriýentler, giriş ekzamenlerini tabşyrmazdan, özleriniň okajak ýerlerini saýlap bilýärler. Gazagystanda oba ýerleriniň uçurymlary üçin ýörite kwota döredilip, olara hökümet tarapyndan ýeňillik berilýär.

Gazagystanyň Gumilýow adyndaky Ýewraziya uniwersitetiniň prorektory Dihan Kazabek Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen söhbetdeşliginde Umumy milli synagyň iň gowy tarapy – korrupsiýa ýol bermän, ýaşlaryň sosial hem maliýe ýagdaýyna garamazdan, olara ýokary okuw jaýlaryna girmekde deň mümkinçilikleri döredýänliginde diýdi.

“Gazagystanda bu synaglar 1990-njy ýyllaryň ortalarynda girizilip başlandy. Başda biz Türkiýäniň bilim pudagynyň tejribesinden peýdalandyk. Şonda bu testlere garşy bolanlar az bolmady. Ýöne soňabaka bu synaglar gitdigiçe kämilleşdirildi ” diyip, professor Kazabek Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Resmi maglumata görä, şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini 110 müňden gowrak okuwçy tamamlaýar.
Onuň sözlerine görä, bu synagyň kompýuterler arkaly geçirilip, netijeleriň hem kompýuter arkaly barlanyp, yglan edilmegi, synaglaryň adalatly bolmagyny üpjün edýär. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Dürli dersler boýunça belli bir wagtda geçirilýän bu testler, wagtyň hem tygşytly ulanylmagyna getirýär. Synag üçin taýýarlanan sowallar we olaryň dogry jogaplary gizlin saklanýar, olary Bilim ministrliginiň sanlyja resmisi bilýär”.

Umumy milli synag Täjigistan bilen Türkmenistandan başga Merkezi Aziýanyň hemme ýurtlarynda geçirilýär. Bilermenler Täjigistanda bu mesele bilen bagly reformalaryň kabul edilendigini, emma maliýe krizisi zerarly Döwlet býujetinde serişdeleriň ýetmezçiligi sebäpli ýurduň bilim pudagyndaky bu reformanyň amala aşyrylmagynyň bökdelýänligini aýdýarlar.

Gurluşyga milliardlarça dollar maliýe serişdesini goýberýän Türkmenistanyň bilim pudagynda halkara standartlary girizip, reformalary geçirmek ugrunda edilýän iş kän bir göze ilenok. Mysal üçin, goňşy ýurtlaryň hemmesi orta mekteplerini 11-12 ýyllyk eden bolsa, Türkmenistanda orta bilim baradaky şahadatnamany almak üçin 10 ýyl okamak ýeterlik.

Türkmenistan

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda geçirilýän reformalar, Umumy milli synagy Türkmenistanda girizmek planlaşdyrylýarmy-ýokmy diýen meseleler bilen gyzyklanyp, ýurduň Bilim ministrligine jaň etdi. Emma ol ýerden maglumat almak başartmady.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda ýurtda ähli ugurlar, şol sanda bilim pudagy boýunça halkara ölçegleriň girizilmelidigini birnäçe gezek agzady. Emma nämüçindir Umumy milli synaglar ýaly dünýäde ykrar edilen usullar Türkmenistanyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilmeýär.

Maliýe ýagdaýyna, tanyş-bilişiniň barlygyna-ýoklugyna garamazdan, okuwyny dowam etdirip biljekdigine ynamy bolsa, onda ýaşlaryň okuwa has köp üns berip, sowatly bolup ýetişmegine höwes dörär.
Türkmenistanda uzak wagtlap mugallym bolup işlän, häzir hukuk goraýjy aktiwist, “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa şeýle uly özgerşikleri geçirmäge türkmen resmileriniň entek taýýar däldigini öňe sürýär: “Ýurtda sowatly spesialistler bar. Daşary ýurtda okap, beýleki ýurtlaryň bilim sistemasyny öwrenip gelen hünärmenler hem az däl. Ýöne Türkmenistanda entek şeýle reformalar geçirilmedi. Şonuň üçin Umumy milli synag sistemasyna ýuwaş-ýuwaşdan geçilse, has ýerlikli bolar”.

Şeýle hem Begmedowa Umumy milli synagy geçirip, şonuň netijesinde ýokary okuw jaýlaryna sowatly ýaşlar alynsa, munuň netijesiniň tutuş jemgyýetiň ahlak ýagdaýyna gowy täsir etjekdigini nygtaýar. Ýagny, bilermeniň pikiriçe, ýaşlarda häzirki bolşy ýaly, ýokary okuwa girmekdäki göwnüçökgünlik bolmaz, olaryň höwesi öçmez.

“Maliýe ýagdaýyna, tanyş-bilişiniň barlygyna-ýoklugyna garamazdan, okuwyny dowam etdirip biljekdigine ynamy bolsa, onda ýaşlaryň okuwa has köp üns berip, sowatly bolup ýetişmegine höwes dörär” diýip, “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Begmedowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde nygtady.

Begmedowanyň pikiriçe, töwerek-daşyndaky ýurtlarda girizilen usullar Türkmenistanda hem ulanylsa, bu ýurduň üzňelikden çykmagyna ýardam berip, türkmen ýaşlaryna goňşy ýurtlarda hiç bir kynçylyksyz okuwuny dowam etdirmäge hem giň mümkinçilik döreder.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG