Sepleriň elýeterliligi

Obamanyň Polşa sapary Gündogar Ýewropa bilen gatnaşyklary özgerdip biler


Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowski (ortada) Merkezi Ýewropa döwletleriniň prezidentleriniň duşuşygynda çykyş edýär, Warşawa, 2011-nji ýylyň 27-nji maýy.

Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowski (ortada) Merkezi Ýewropa döwletleriniň prezidentleriniň duşuşygynda çykyş edýär, Warşawa, 2011-nji ýylyň 27-nji maýy.

Gündogar ýewropalylar häzirki bolýan syýasy agdarylyşyklar Orta Gündogary özgerdýärkä, öz regionlarynyň Waşingtonyň ýanyndaky ähmiýetiniň barha azalmagyny alada edinýärler. Käbirleri hem Obamanyň administrasiýasynyň Moskwa bilen gatnaşyklaryny täzelemeginiň öz hasaplaryna edilýändigini aýdýarlar.

Muny Birleşen Ştatlaryň Warşawada ýerleşýän “German Marşal Fondunyň” ýokary derejeli işgäri Mihal Baranowski şeýle düşündirýär: “Bu bir belli zat. Bu ýerde, Merkezi we Güdogar Ýewropada, umuman Ýewropada, Birleşen Ştatlar öz strategik işlerini Orta Güdogara, Aziýa gönükdirýär diýen alada bar. Dogry, Ýewropada Birleşen Ştatlar ara goşular ýaly bir çynlakaý konflikt ýok. Ýöne Amerikanyň ýaragly güýçleri we syýasy kapital barada giň gerimli wadalary bar. Regiony aladalandyrýan şol”.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň 2009-njy ýylda raketadan goranyş sistemasy baradaky planlary yza süýşürmegi Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ýolbaşçylarynyň aglabasyny gaharlandyrypdy. Olar bu sistema taryhyň uzak döwürlerinde regiona agalyk etmäge ýykgyn edip gelen Orsýetiň garşysyna öz howpsuzlyklaryny güýçlendirer öýdüpdiler.

Buşuň adminstrasiýasy raketadan goranyş sistemasyny Polşada we Çehiýa respublikasynda ýerleşdirmegi göz öňünde tutupdy. Ýöne häzirki administrasiýa bu planlary ýatyrdy. Obama munuň deregine Rumyniýada we Polşada SM-3 kysymly istrebitelleri ýerleşdirmeli etdi. Bu 2015-nji we 2018-nji ýyllara planlaşdyryldy.

“Birleşen Ştatlar bilen Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyk çylşyrymly. Sebäbi bu ýurtlar uzak waglap Birleşen Ştatlara garap geldiler” diýip, Waşingtonda “Atlantik Geňeşiniň” wise-prezidenti Franses Burwell belleýär.

Burwelliň aýtmagyna görä, Waşington indi iki ýyl bäri bu ýurtlaryň özlerine Amerikan syýsatyndaky obýektler däl-de, Birleşen Ştatlaryň işjeň ýaranlary diýip düşünmeklerini isleýär: “Sowuk uruşdan soň Merkezi Ýewropa ýurtlary Günbatara tarap gönügip ugradylar. Biziň hem üns berenimiz olaryň bu işi etmegi boldy. Bu ýerde göz öňünde tutulan zat olaryň özleri, ykdysady we syýasy ösüşleridi”.

Soňra Burwell şeýle diýýär: “Indi bolsa biz: ‘Siz oňat. Entek doly güýjüňize girmeseňiz-de, indi girip gelýärsiňiz. Biz indi siziň demokratiýaňyzyň köki gyrlar diýip gaýgy edemzok. Dünýäde alnyp barylýan ähli proýektlerde bize kömek etmegiňizi isleýäris. Bu proýektleriň siziň hem bähbidiňizedigine ynanýarys’ diýýäris”.

Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika

Polşanyň kommunizmden demokratiýa geçmekde, merkezden planlaşdyrylýan ykdysadyýetden ýörgünli bazar ykdysadyýetine geçmekde gazanan üstünligi onuň bu ýaranlykda ýerleşdirip biljek bir degerli goşandy bolup durýar.

Anna güni geçirilýän sammitde Polşany gyzyklandyrýan temalaryň biri onuň öz edinen tejribelerini Orta Gündogarda we Demirgazyk Afrikada kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljak reformaçylar bilen nädip paýlaşyp boljakdygy. Bu sammite amerikan prezidenti Obama hem gatnaşar.

Kommunizmiň çökmeginden soň, Gündogar Ýewropada alnan sapaklaryň hemmesini arap dünýäsine geçirip bolmajakdygy belli zat. Burwelliň pikiriçe, gündogar ýewropalylaryň öz tejribelerini demokratiýa ymtylýanlar bilen paýlaşmak islegi Waşingtonyň bu region bilen bolan gatnaşygynyň indi hakyky ýaranlyga öwrülip barýanlygynyň alamaty.

“Biziň isleýän ýaranlygymyz hem şol: inisiatiwany, olaryň öz tejribelerini we ekspertizalarynyň netijesini ortada goýmaklary. Nähili-de bolsa, hakyky durmuşda ykdysady we syýasy reforma babatda Merkezi Ýewropanyň tejribeleri biziň ýadymyzda galan tejribelerden köp. Polşanyň demokratiýasy aman galarmy diýip alada etmegiň deregine – ýaranlyk şu. Indi, geliň, hemmämiz Müsüriň demokratiýasynyň aladasyny edeliň” diýip, Burwell aýdýar.

Bu iki tarapdan-da ep-esli derejede psihologik inçeligi talap edýän proses. Amerikanlar, gündogar ýewropalylarda Waşingtonyň indi bize mähir görkezmäge wagty ýok diýen duýgyny döretmezden, olaryň hakyky ýaranlyga tarap ilerlemegini isleýär.

Ýewropanyň öňki kommunistik ýurtlarynyň ýolbaşçylary we halklary hem hakykata uýgunlaşyp, howpuzlyklary üçin Birleşan Ştatlaryň harby serişdelerine garaşly bolsalar-da, Amerikanyň olara özi bilen deň derejeli ýaranlar diýip garamagyna öwrenişmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG