Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystanda žurnalisti öldürmekde aýyplanýan 3 adam sud edilýär


Şu gün Gazagystanda 2009-njy ýylda Almaty şäherinde gyrgyzystanly žurnalisti öldürmekde aýyplanýan üç adamyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Bu üç adama 2009-njy ýylyň 19-njy dekabrynda gyrgyzystanly žurnalist, 51 ýaşly Gennadiý Pawlýugy beýik binanyň üstünden taşlap, öldürmekde günä bildirilýär. Gennadiý Pawlýuk şol wakadan alty gün soň keselhanada aradan çykypdy.

Bu işde aýyplanýanlardan ikisi Gazagystanyň raýaty, üçünjisi Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gullugynyň ozalky bir işgäri.

Žurnalist Gennadiý Pawlýugyň maşgala agzalary we kärdeşleri onuň syýasy matlaplar esasynda öldürilendigini aýdýarlar. Ol Gyrgyzystanda ýurduň häkimiýetleriniň syýasaty barada ýiti tankydy materiallar bilen çykyş edip gelipdi.
XS
SM
MD
LG