Sepleriň elýeterliligi

AI Gürjüstanda iki adamyň ölümini derňemäge çagyrýar


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Gürjüstanyň hökümetini protestçileri dargytmak bilen baglanyşykly iki adamyň ölümine getiren wakalary derňemeklige çagyrdy.

Düýn Tbiliside parlament binasynyň öňünde ýygnanan protestçileri dargytmak üçin ýurduň häkimiýetleri güýç ulandylar.

Wakada iki adam öldi. Ýurduň Içeri işler ministrligi ölenlerden biriniň polisiýa işgäridigini habar berdi.

Bu wakanyň yzy bilen eden çykyşynda Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bu protestleriň ýurduň durnuklylygyny bozmaklygy maksat edinýändigini aýdyp, bu işde Orsýetiň eliniň bar bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG