Sepleriň elýeterliligi

NATO Tripolidäki howa hüjümlerine dowam etdi


Penşenbe güni agşam NATO-nyň howa güýçleri indi dördülenji gün Liwiýanyň paýtagty Tripolide yzygiderli howa hüjümlerini geçirdiler.

«Roýter» habar agentligi Tripolide ýene nobatdaky gezek Muammar Kaddafiniň hökümet binalarynyň nyşana alnandygyny habar berýär.

Bu wakanyň öňýany, penşenbe güni Ispaniýanyň resmileri Liwiýanyň premýer-ministriniň ýurtda ok atmalary haýdan-haý togtatmaklygy teklip edendigini, emma bu teklibiň Waşington tarapyndan ret edilendigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG