Sepleriň elýeterliligi

Obama Belarusdaky tussag edişlikleri ýazgardy


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Belarusyň häkimiýetleriniň ozalky prezidentlige kandidatlardan bäşisini türme tussaglygyna höküm etmeklerini ýazgaryp çykyş etdi.

Belarusyň sudy geçen ýylyň dekabrynda geçirilen protest çykyşlaryny gurnamaga gatnaşanlykda aýyplap, birnäçe syýasy aktiwisti, şol sanda, prezidentlige kandidatlardan hem bäşisini dürli möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

Prezident Barak Obama bu waka bilen bagly türmä basylanlary Waşingtonyň «syýasy tussaglar» diýip hasaplaýandygyny we bu wakalara protest görnüşinde Birleşen Ştatlaryň Belarusa garşy täze sanksiýalary girizmekligi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG