Sepleriň elýeterliligi

Gündogar ýewropaly liderler Warşawada ýygnandylar


Anna güni Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň liderleri Polşanyň paýtagty Warşawada ýörite sammite ýygnandylar.

Sammitde liderler ýakynda arap ýurtlarynda ýüze syýasy wakalar hem-de bu ýurtlardaky demokratik geçiş prosesleri barada maslahat ederler diýlip garaşylýar.

Sammitiň işine Serbiýanyň we Rumyniýanyň prezidentleri gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Olar muny bu sammite Kosowanyň resmileriniň çagyrylandygy bilen düşündirler.

Serbiýanyň ozalky prowinsiýasy bolan Kosowanyň 2008-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri Serbiýa bilen Rumyniýa onuň garaşsyzlygyny ykrar etmän gelýärler.
XS
SM
MD
LG