Sepleriň elýeterliligi

Mobil söýgi


Mobil telefonlar ýaş oglan-gyzlaryň, mekdep okuwçylarynyň terbiýesine-de erbet täsirini ýetirmän duranok.

Mobil telefonlar ýaş oglan-gyzlaryň, mekdep okuwçylarynyň terbiýesine-de erbet täsirini ýetirmän duranok.

Mobil telefonlary, internet aragatnaşygy, çanak antennalary arkaly dünýäniň dürli künjeklerinden alynýan maglumatlar, beýleki döwletler bilen deňeşdireniňde biziň ildeşlerimiziň durmuşyna haýalrak ornaşsa-da, bu aragatnaşyk serişdeleriniň ýaşlaryň durmuşyna örän ýiti täsiriniň bardygy indi fakt.

Ahal welaýatyndan Aýna atly mugallymyň aýtmagyna görä, mekdeplerde okuwçylara mobil telefon götermeli däldigi barada aýdylýandygyna seretmezden, okuwçylaryň aglaba bölegi öz ýanlary bilen mobil telefonlaryny göterýärler.

Olar dürli ýollar bilen öz geýim-gejimlerinde, okuw esbaplarynda mobil telefonlaryny gizlemäge çalyşýarlar. Arakesme wagtynda we okuwdan soň bolsa mümkin bolan ýerde ellerindäki telefonlaryny gerekli ýere-de, gerekmejek ýere-de ulanýarlar.

Mekdepde, sapak wagty okuwçylara mugallymlaryň gözegçiligi ýokary. Şeýle-de bolsa, her ädimde okuwçynyň okuw portfelini ýa bolmasa geýim-gejimini barlap durmak gelşiksiz bolansoň, okuwçylar göze çöp atmaga mümkinçilik tapýarlar.

Mobil telefonlar ýaş oglan-gyzlaryň, mekdep okuwçylarynyň terbiýesine-de erbet täsirini ýetirmän duranok. Ilki bilen olaryň okuwdan ünsleri bölünýär. Ýanynda mobil telefony bukup saklaýan okuwçy ony ulanmaga mümkinçilik gözleýär. Onuň ähli küýi-pikiri şol bolýar.

Şeýle ýaşlar bolsa mobil telefon arkaly özlerine nätanyş bolan adamlar bilen tanyşlyk açmaga, olary duşuşyga çagyrmaga çalyşýarlar. Netijede garaşylmadyk ýagdaýlar ýüz berýär.

Ýaş gyzlar telefon üsti bilen heniz bir gezek hem görmedik erkek kişisi bilen söýgi barada gürrüň edip başlaýarlar. Duşuşyk ýeri bellenenden soň, ýaşynyň uludygyna seretmezden, mekdep ýaşly gyzlaryň ilkinji sataşan kişisine gaçyp durmuşa çykýan halatlary az bolmaýar.

Gögele gyzlar bilen duşuşyp, olary maşyna mündürip alyp gidip, her hili ýaramaz ýagdaýlarda surata düşürip, soňra şeýle suratlaryň mobil telefonlar arkaly köpçülige ýaýradylýan halatlarynyň-da bolýandygyny Aýna mugallym gürrüň berýär.

Ösýän tehnologiýa

Internet babatynda bu ýagdaý birneme elhalrak. Internet arkaly tanyşlyk açylsa-da, ol kän bir çäkden çykýan ýagdaýlara getirmeýär. Sebäbi internet hyzmatyndan peýdalanýan ýaşlar bizde heniz azlyk edýär. Internet hyzmatlary ýurtda her bir maşgala üçin elýeter däl.

Çanak antennalarynda daşary döwletlerden ýaýlyma berilýän wejera filmleriň täsirine düşýän ýaşlar hem kän.

Ylmyň, tehnologiýanyň ösmegi ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagynda hem möhüm rol oýnaýar. Ýaşlary haýsydyr bir meselede günäkärläp, olary ösýän tehnologiýadan daşda saklajak bolmak hem nädogry bolar diýip, ýerli intelligensiýa wekilleri aýdýarlar.

Mekdeplerde edep sapaklary, ýaşaýyş we durmuş sapaklary geçilýär. Okuwçylaryň arasynda düşündiriş işleri alnyp barylýar. Emma ähli wezipäni mekdebiň üstüne atyp, arkaýyn bolmaly däl diýen düşünje mugallymlaryň arasynda giňden ýaýran. Bilim işgärleri bu babatda ene-atanyň borçlaryny hem ýatladýarlar.

“Ene-atalar mugallymlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, çagasynyň durmuşynda, özüni alyp barşynda nähili üýtgeşikligiň bardygy bilen içgin gyzyklanmaly. Şeýle edilende çagalaryň edep-terbiýesine täsiri bolar” diýip, Aýna mugallym ynam bildirýär.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG