Sepleriň elýeterliligi

«Soňky jaňdan» soň nirä?


Ýazgulyýew: "Mekdebi tamamlan 110 müňden gowrak ýaşlaryň 4-5 prosenti ýurduň ýokary okuw mekdebine okuwa girip bilse, bu uly üstünlik bolar".

Ýazgulyýew: "Mekdebi tamamlan 110 müňden gowrak ýaşlaryň 4-5 prosenti ýurduň ýokary okuw mekdebine okuwa girip bilse, bu uly üstünlik bolar".

Geçen ýyllarda 25-nji maýda, «soňky jaňyň» mekdepdäki dabaralary tamamlanandan soňra, Aşgabat hem onuň etegindäki mekdeplerde okuwyny tamamlaýan ýaşlar göni mekdebiň ýanyndan taksilere münüp, agşam sagat on birlere, kähalatda ýarygijä çenli paýtagtyň dürli ýerlerine gezelenç ederdiler.

Şu ýyl Aşgabadyň hem onuň etegindäki mekdepleriň hersiniň töwereginde azyndan iki ýol gözegçisi goýlup, uçurymlara mekdebiň ýanyndan taksi tutmaga ýol bermediler. Taksileriň sürüjilerine mekdebiň ýanyndan uçurym alan halatynda berk çäre görüljekdigi öňünden duýdurylypdyr. Şol sebäpli bu ýyl mekdebiň töweregine gelen taksi hem tapylmady.

Ýöne öýlän sagat 3-lerden soň, uçurymlar dörtden-dörtden, esasan, iki oglan, iki gyz bolup, bir taksi tutup, paýtagtyň gözel ýerlerine uçurym hökmünde gezelenç etdiler. Şu ýylky uçurymlaryň gezelençleri polisiýanyň, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gözegçiliginde geçirilensoň, tertip-düzgüniň gowy saklanandygyny bellemek gerek.

Ahal welaýatynyň paýtagtdan uzakdaky obalarynyň mekdep uçurymlaryna Aşgabada gezelenç gurnamak mümkinçiligi bolmansoň, olaryň her biri 100 manat möçberinde pul goşup, 25-nji maýda öýlän sagat bäşden agşam on bire çenli bagşy aýtdyryp toý etdiler.

Her uçurym mugallyma sowgat almak üçin 80-100 manat pul goşmaly. Gutardyş suraty üçin 90-100 manat tölemeli. «Soňky jaň» dabarasynda geýmek üçin alynýan egin-eşik üçin 300-400 manat çykarmaly. Gezelenje gitmek ýa-da pul goşup, toý etmäge 100 manat harçlamaly. Her uçurymyň «soňky jaň» dabaralary üçin jemi çykdajysy azyndan 700-800 manada ýetipdir. Hatda 26-njy maýda Aşgabatdan uzakdaky Ahal welaýatynyň mekdeplerini tamamlaýan ýaşlaryň bir bölegi 50 manatdan pul goşup, aýratyn ulag tutup, Aşgabada uçurym gezelençlerini gurapdyrlar.

Umuman, mekdep uçurymlaryny tamamladýan ene-ata üçin «soňky jaň» uly çykdajy güni hasaplanýar. Hatda käbir eli ýuka ene-atalar uçurym çagalaryny kemsitmejek bolup, karz almaga mejbur bolandyklaryny gürrüň berdiler. Ýöne «soňky jaňda» şady-horram bolýan her bir uçurymyň ertirki ykbalynyň näme boljakdygy köplere aýan däl. Sebäbi döwlet olar hakda ýeterlik alada edýär diýmek kyn.

Mekdebi tamamlan 110 müňden gowrak ýaşlaryň 4-5 prosenti ýurduň ýokary okuw mekdebine okuwa girip bilse, bu uly üstünlik bolar. Ýagdaýy bolanlar bolsa daşary ýurtlara okuwa gider. Ýaşlaryň bir bölegi dürli ýollaryň üsti bilen — tanşyň kömegi ýa-da para bilen işe ýerleşer. Emma tanşyň, puluň bolanda-da, ýurtda üýşüp ýatan iş ýok, şonuň üçin mekdep uçurymlarynyň uly bölegine işsizleriň hataryna goşulmakdan başga çäre galmaýar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG