Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar kompýuter öwrenmeli


Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň orta mekdepleriniň 1-nji klasynda okaýan okuwçylarynyň ählisini okuw kitaplary bilen birlikde şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmek meselesini öz wise-premýerlerine öwrenmegi tabşyrypdy.

Ýurduň mekdepleriniň birinji klasyna okuwa barjak çagalaryň ählisine kompýuter berilmegi baradaky görkezme olary okatjak mugallymlara-da kompýuterden baş çykarmak zerurlygyny döretdi.

Görkezme berildi

Şu sebäpden mugallymlaryň kompýuterden baş çykarmalydygy barada ýurduň Bilim ministrliginden ýörite görkezme gelip gowuşdy.

Mekdep mugallymlarynyň aglabasy kompýuterden asla baş çykarmaýarlar. Hatda käbir mekdeplerde kompýuterden okadyp biljek mugallym tapylmansoň, okuwçylar informatika sapagyny bütin ýylyň dowamynda oýun oýnap geçirýärler.

Köp ýyllaryň dowamynda aýlyk-günlükleriň ýeter-ýetmez bolmagy kompýuteri biläýmeli köp intelligentleriň, şol sanda mugallymlaryň-da kompýuter edinmek mümkinçiligini elinden alypdy. Maşgalasynda köp çagasy bolan, işleýänleri az bolan mugallymlaryň aglabasy heniz hem kompýuter edinip bilenoklar. Kompýuter edinmäge olaryň hojalygynda pul artanok.

3 aý bar

Häzir, sentýabr aýyna çenli kompýuter öwrenmek üçin ýörite kurslara ylgaýan mekdep mugallymlarynyň bäri-aňyrsy ýok. Ýörite kurslarda kompýuterden baş çykarmagy öwrenmegiň güzapdygyny ol ýere gatnaýan ýaşuly mugallymlar aýdýarlar.

Mugallymlar kompýuter kursy üçin aýda ýetmiş amerikan dollaryny töleýärler. Hepdede üç gün, iki sagat okamaly. Kompýuter sapagyna barylmaly gün ýygnak ýa-da dabara bolaýsa, ol gün köýýär. Öwrenmek üçin ulanylýan kompýuterleriň modeliniň hem könedigini mugallymlar aýdýarlar.

Gysga wagtyň içinde kompýuterden baş çykarmak üçin mugallymlar janygýarlar. Dogrusy, olar sentýabra uly gaýgy bilen garaşýarlar. Sebäbi kompýuterden baş çykaryp bilmeseler, olara işden gitmeli boljakdygy baradaky duýdyryşlar öňünden berildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG