Sepleriň elýeterliligi

“Talybanyň” hüjüminde owgan generaly heläk boldy


Ýekşenbe güni Owganystandaky “Talyban” güýçleri ýurduň Takhar welaýatynyň paýtagty Talokan şäherinde Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli resmileriniň ölümine getiren şenbe günündäki hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

Şenbe güni Talokan şäherinde welaýat häkimliginiň maslahat geçýän binasynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran şol hüjüminde birnäçe polisiýa ofiseri, şol sanda Owganystanyň demirgazyk regionlary boýunça polisiýa güýçleriniň komanduýuşisi general Dawud Dawud hem öldi.

Hüjümde NATO güýçleriniň Demirgazyk Owganystan boýunça komanduýuşisi, germaniýaly general Markus Kneýp ýaralandy.
XS
SM
MD
LG