Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Palestinanyň döwlet bolmagyny isleýär


Ýekşenbe güni Palestinanyň prezidentdi Mahmud Abbasyň hem gatnaşmagynda Katarda geçen arap ýurtlarynyň gözegçilik komitetiniň maslahatynyň yzy bilen, Arap Ligasy Birleşen Milletler Guramasynyň Palestinanyň döwlet statusyny ykrar etmegine umyt baglaýandygyny nygtap, beýanat ýaýratdy.

Bu baradaky beýanatynda Arap Ligasy Birleşen Milletler Guramasyny Iordan derýasynyň günbatar kenaryny we Gaza Sektoryny tutuşlygyna Palestin döwleti diýip we Gündogar Ýeursalimi-de bu döwletiň paýtagty diýip ykrar etmeklige çagyrypdyr.

Arap Ligasy şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçjek sessiýasynda hut şu teklip bilen çykyş etjekdigini mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG