Sepleriň elýeterliligi

«Lockheed Martin» kompaniýasyna elektron hüjüm edildi


Dünýäde iň bir uly harby önümçilik kompaniýalarynyň biri hasaplanylýan Birleşen Ştatlaryň «Lockheed Martin» kompaniýasy öz elektron sistemasyna güýçli hüjüm edilendigini mälim etdi.

«Lockheed Martin» kompaniýasynyň bu barada ýaýradan beýanatynda öz elektron sistemasyna «düýpli we zyýanly» hüjüm edilendigine garamazdan, kompaniýanyň elektron sistemasynyň howpsuz ýagdaýdadygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Goranmak ministrligi «Lockheed Martin» kompaniýasy bilen bilelikde bu elektron hüjüminiň kim tarapyndan amala aşyrylandygyny anyklamak boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygyny mälim etdi.

«Lockheed Martin» kompaniýasy dünýäniň dürli regionlaryna satylýan köpsanly harby tehnikalary, şol sanda «F-16», «F-22» we «F-35» kysymly söweş uçarlaryny-da öndürýär.
XS
SM
MD
LG