Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada «E.coli» bakteriýasyndan 10 adam öldi


Germaniýanyň häkimiýetleri soňky birnäçe günüň dowamynda «E.coli» diýlip atlandyrylýan howply bakteriýadan bu ýurtda 10 adamyň ölendigini we azyndan 276 adamyň keselländigini habar berdiler.

Aşgazanyň we böwregiň funksiýalaryny bozýan bu bakteriýanyň çeşmesi häzirki wagt Ispaniýada öndürilen hyýarlar diýlip hasaplanylýar.

Geçen hepde «E.coli» bakteriýasy bilen kesellänler Germaniýada ýüze çykarylan-da bolsa, häzirki wagt bu keseliň alamatlary Şwesiýada, Daniýada, Gollandiýada we Britaniýada-da anyklanyldy.

Ýewropa ýurtlarynyň häkimiýetleri bu howply bakteriýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häzirki wagt zerur çäreleri görýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG