Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Şu gün Türkiýe respublikasynyň prezidenti Abdullah Gül Türkmenistana sapar edýär.

Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda özarada bähbitli meselelere serediljekdigi, şeýle-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenjekdigi habar berilýär.

Türk prezidentiniň bu sapary Türkmenistanda iş alyp baran türk gurluşyk kompaniýalarynyň türkmen hökümetini halkara suduna bermegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň az-kem dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG