Sepleriň elýeterliligi

NATO asuda owganlaryň ölümi üçin ötünç sorady


NATO Owganystanyň Helmand welaýatynda amala aşyrylan howa hüjüminde ýalňyşlyk bilen asuda raýatlaryň öldürilendigi üçin ötünç sorady.

Ýaranlygyň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, bu howa hüjüminde dokuz adam ölüpdir.

Emma, Helmand welaýatynyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, şenbe güni amala aşyrylan bu hüjümde parahat ilatyň arasyndan 14 adam, şol sanda 12 sany çaga ölüpdir.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Birleşen Ştatlaryň harby güýçlerine ýurtda asuda adamlaryň ölümine getirýän operasiýalaryň öňüni almaga çagyryş etdi.

Owgan prezidentiniň edarasynyň ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, bu Karzaýyň “Waşingtona edýän soňky duýduryşydyr”.
XS
SM
MD
LG