Sepleriň elýeterliligi

Obama Joplindäki tornadolary milli betbagtçylyk diýip atlandyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bir hepde mundan ozal Missuri ştatynyň Joplin şäherinde dörän tornadolary milli betbagtçylyk diýip atlandyrdy.

Obama Joplin şäherinde tebigy harasatlar sebäpli ölenleriň hatyrasyna gurnalan çärede bu barada çykyş etdi. Ol şäheriň dikeldiş işleri üçin hemaýatyň beriljekdigini hem wada etdi.

Soňky berilýän maglumatlara görä, 22-nji maýda Joplin şäherinde dörän tornadolar sebäpli azyndan 139 adam ölüpdir, şeýle-de 900 töweregi adama şikes ýetipdir.
XS
SM
MD
LG