Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde tutulan eýranly diplomat goýberildi


Müsür içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen eýranly diplomaty azatlyga goýberdi. Bu barada Müsüriň resmi MENA habar agentligi maglumat berýär.

Habara görä, Müsüriň Daşary işleri ministrligi tussag edileniň diplomatik statusyny tassyklandan soň, ýurduň döwlet howpsuzlyk prokurory ony azatlyga goýberipdir.

Emma, MENA habar agentliginiň aýtmagyna görä, ol diplomatik protokola laýyk gelmeýän hereketleri hem edipdir.

Şu ýylyň fewral aýynda, Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň, Kair bilen Tähranyň özara gatnaşyklarynda ýakynlaşma başlady diýilýär.

1979-njy ýylda, Eýrandaky Yslam rewolýusiýasyndan we Müsüriň Ysraýyl bilen ýaraşyga girmeginden soň, Kair bilen Tähranyň özara gatnaşyklary kesilipdi.
XS
SM
MD
LG