Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Türkmenistana bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül bilen duşuşýar, Türkmenbaşy şäheri, 2011-nji ýylyň 30-njy maýy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül bilen duşuşýar, Türkmenbaşy şäheri, 2011-nji ýylyň 30-njy maýy.

Duşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Türkmenistana sapara bardy.

Prezident Gül Türkmenistana saparynyň dowamynda regional we halkara meseleler barada gepleşikler geçirer diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmisi Azatlyk Radiosyna aýtdy. Emma ol prezident Gülüň iş saparynyň gün tertibi barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Gül duşenbe güni Türkmenistana ugramazyndan öň: “Bu saparymyň dowamynda biz ykdysadyýet, söwda, energiýa, maýa goýumlary we bilim boýunça hyzmatdaşlygymyzyň ähli ugurlaryny gözden geçireris” diýdi. Bu barada "The Associated Press" agentligi habar berýär.

Türkiýäniň we Türkmenistanyň prezidentleriniň Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherindäki duşuşygynda türk kärhanalarynyň Türkmenistana ýatyran sermaýasy bilen bagly mesele barada hem gürrüň edilmegine garaşylýar.

Türkmenistanda iş alyp baran Türkiýäniň üç sany gurluşyk kompaniýasy ýakynda türkmen hökümetine garşy arzalaryny Bütindünýä bankynyň ýanyndaky Sermaýa dawalaryny çözmek boýunça merkezde hasaba aldyrypdylar. Türkiýäniň “Hürriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, birnäçe türk kompaniýalary türkmen hökümetinden 1 milliard dollarlyk algylarynyň bardygyny aýdýarlar.

Türkiýeli ynamly çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 27-nji maýda Türkiýäniň prezidentiniň edarasynda Türkmenistanda işlän we işleýän 25 sany türk kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk bolupdyr. Duşuşykda türkiýeli işewür adamlar türkmen hökümetiniň özlerine bergileri baradaky meseläniň Gülüň Türkmenistana sapary wagtynda gozgalmagyny haýyş edipdirler.

Türkiýäniň Ýewraziýa strategiki barlaglar merkeziniň (ASAM) baş koordinatory doktor Mehmet Erol Seýfuddin: “Ilki Türkmenistanyň we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň gaz söwdasynda oňşuksyzlyk döredi. Häzire hem onuň Hytaý bilen gaz söwdasynda problemalaryň ýüze çykandygy barada maglumatlar gowuşýar. Netijede Türkmenistanyň maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüzdügi barada habarlar çykýar” diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Soňra ol şeýle diýýär: “Şunlukda Türkmenistan türk kompaniýalaryna töleg tölemekde kynçylyklara duçar boldy. Şol kompaniýalaryň käbiri öz algylary boýunça Halkara suduna ýüz tutsalar, beýlekileri meseläni türk syýasatçylarynyň kömegi bilen çözmäge çalyşýarlar. Emma Türkiýe Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna zeper ýetmegini islemeýär”.

Nämä garaşylýar?

Türkmenistanda 600-den gowrak türk kompaniýasy iş alyp barýar diýlip habar berilýär. “Jihan” habar gullugynyň beren maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda 1 milliard 505 million amerikan dollara barabar gurluşyk taslamalaryny alypdyrlar. 2010-njy ýylda bolsa, türk kompaniýalaryna jemi 4,5 milliard amerikan dollaryna barabar proýektler berlipdir.

Doktor Mehmet Erol Seýfuddin türkiýeli işewür adamlaryň sermaýa problemasy barada Gülüň saparyndan oňyn netijä garaşmaýar. “Çünki Türkmenistanyň maliýe kynçylygy bolmadyk ýagdaýynda onuň käbir türk kompaniýalary bilen gatnaşygy häzirkisi ýaly ýaramaz bolmazdy”.

“Emma bu duşuşykda şol kompaniýalaryň almaly pullary barada türkmen hökümetiniň kepilnama bermegi, käbir tölegler boýunça söwdalaşmagy mümkin. Belki, Halkara suduna ýüz tutan türk kompaniýalarynyň öz arzalaryny yzyna almagy talap ediler. Munuň deregine türkmen hökümetiniň türk kompaniýalaryna bergisiniň uly böleginiň tölenjekdigini söz bermegi mümkin” diýip, Seýfuddin aýdýar.

Türkmen mediasy iki ýurduň gumanitar hyzmatdaşlyga hem uly üns berýändigini ýazdy. Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda birnäçe müň türkmenistanly student okaýar. Türkmenistanda Halkara türkmen-türk uniwersiteti hem-de başlangyç we orta bilim berýän türkmen-türk mekdepleri bar.

Türkmenistanda “Başkent” bilim merkeziniň koordinirlemeginde bäş welaýatda we paýtagt Aşgabatda iş alyp barýan türkmen-türk mekdepleriniň giriş ekzamenleri adatça maý aýynda geçirilýärdi. Emma ýurduň Bilim ministrliginiň degişli resminamalara gol çekmezligi sebäpli häzire çenli bu synaglar geçirilmedi. Munuň bilen birlikde, soňky ýyllarda bu mekdepleriň käbiriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ýapylandygy hem habar berilýär.

Berdimuhamedow bilen Gülüň duşuşygynda Türkmenistandaky türkmen-türk okuw jaýlary bilen bagly meseleleriň gozgalyp-gozgalmajakdygy barada anyk maglumat ýok. Emma prezident Gülüň sapardan öň eden beýanatyndan çen tutulsa, iki ýurduň arasyndaky bilim pudagy boýunça hyzmatdaşlyk gün tertibindäki möhüm meseleleriň biri bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG