Sepleriň elýeterliligi

Gürji oppozisioneriniň adamsyna aýyplama bildirilýär


Şu gün Gürjüstanyň häkimiýetleri ýurduň esasy oppozisiýa liderlerinden biri Nino Burjanadzäniň adamsyna ýaragly toparlary döretmekde we polisiýa güýçlerine garşy hüjüm etmekde jenaýat aýyplamasyny bildirdiler.

Gürjüstanyň prokuraturasy bu aýyplamanyň Nino Burjanadzäniň öz oppozisiýa fraksiýasynyň agzalarynyň beren görkezmelerine hem-de wideo we audio materiallara esaslanýandygyny aýtdy.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Gürjüstanyň häkimiýetleri Tbilisiniň merkezine ýygnanan protestçileri güýç ulanmak arkaly dargytdylar. Wakada iki adam öldi.
XS
SM
MD
LG