Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň güýçleri protestçilere garşy ýarag ulanypdyr


Şu gün siriýaly aktiwistler ýurduň Homs prowinsiýasyndaky Tabliseh şäherinde hökümet güýçleriniň protestçilere garşy artilleriýa ýaraglaryny ulanandyklaryny habar berdiler.

Maglumatda şäheriň merkezindäki protestçilere garşy jaýlaryň üçeklerinden snaýperleriň atan okundan we şäheriň töwereklerindäki toplardan atylan snarýad oklaryndan köp adamlaryň ýaralanandygy aýdylýar. Ýöne çekilen ýitgiler barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.

BMG-niň Ynsan hukuklary boýunça Baş komissary Nawi Pilleý Siriýanyň hökümetiniň protestçilere garşy ulanýan rehimsiz çärelerini «şok dörediji çäreler» diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG