Sepleriň elýeterliligi

Aklawçysy Mladiçiň çakdanaşa näsagdygyny aýdýar


Geçen hepde Serbiýada tussag edilen ozalky serb goşun ýolbaşçysy Radko Mladiçiň aklawçysy Mladiçiň çakdanaşa näsagdygyny aýdyp, onuň BMG-niň Haaga sudundaky proseslere taýýar däldigini mälim etdi.

BMG-niň Haagadaky halkara tribunaly Radko Mladiçiň 1992-1995-nji ýyllaryň Bosniýa urşunda müňlerçe parahat ýaşaýjynyň öldürilmegini gurnanlygyny aýdyp, ony uruş jenaýatçylygynda we ynsanyýete garşy jenaýat etmekde aýyplaýar.

Serbiýanyň Adalat ministrliginiň resmisi Slobodan Homen Radko Mladiçiň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny tassyklap, onuň iň aňyrsy dört günüň içinde Haaga suduna ekstradisiýa ediljekdigini aýtdy.

Düýn we şu gün Serbiýanyň paýtagty Belgradda Radko Mladiçiň müňlerçe tarapdarlary onuň Haaga suduna tabşyrylmagyna protest bildirip, demonstrasiýa geçirdiler.
XS
SM
MD
LG