Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad bilen Larijani bäsleşýär


Eýranyň parlamentiniň başlygy Aly Larijanini (çepde) we prezident Mahmud Ahmedinejad parlamentiň duşuşygynda, Tähran, 2010-njy ýylyň fewral aýy.

Eýranyň parlamentiniň başlygy Aly Larijanini (çepde) we prezident Mahmud Ahmedinejad parlamentiň duşuşygynda, Tähran, 2010-njy ýylyň fewral aýy.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad ýurduň parlamentini ençeme ýyllap tekepbirlik bilen äsgermezlik edip geldi. Indi bolsa, ýurduň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatolla Aly Hameneýiniň görnetin oňlamagy bilen, ol parlamentiň gazaply hüjümlerine uçrady.

Ahmedinejadyň garşysyna bukudan edilýän çozuşlaryň soňky tapgyry ýaňy 25-nji maýda boldy. Şol gün parlament 2009-njy ýylda geçen prezidentlik saýlawyndan öň 9 million saýlawça täsirli para hökmünde adam başyna 80 dollar paýlamak bilen prezident döwletiň pulundan galp peýdalandy diýilýän gürrüňler barlanmaly diýip, ses berdi.

Ahmedinejady has kemsidýän zat bu hüjümiň Aly Larijaniniň ýolbaşçylygynda geçirilýänligi. Ahmedinejad parlamentiň häzirki bu täsirli başlygyny 2007-nji ýylda Ýokary Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadypdy.

Larijani özüniň barha artýan täsirini öten hepde görkezdi. Ol Ahmedinejady 14-nji maýda wezipesinden boşadylan Masud Mirkazeminiň ýerine bir täze üýtgewsiz nebit ministrini bellemäge çagyrdy. Bu çagyryş prezidentiň Eýranyň strategik taýdan iň möhüm ministrligi bolan Nebit ministrligini öz eline almak barada edýän synanyşygyna görkezilýän garşylygyň bir bölegidir.

Birnäçe gün ondan ozal hem güýçli “Gözegçiler geňeşi” Ahmedinejadyň bu ministrlige özüniň garamagy baradaky teklibini bikanun diýip yglan etmek bilen prezidente berk gaýtawul berdi.

Aýdylyşyna görä, Ahmedinejad şondan soň özüniň nebit eskport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK-iň geljek aý Wenada geçjek duşuşygyna ýolbaşçylyk etmek niýetinden el üzüpdir. 23-nji maýda ýurduň Daşary işler ministrligi Eýranyň ýolbaşçylygynda geçjek bu ýygnanyşyga prezidentiň gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Parlament we Larijani bilen aradaky barýan dawalaryň Ahmedinejadyň 2013-nji ýylda prezidentlik möhleti tamamlanansoň, özüne bir güýç bazasyny döretmek niýetini başa bardyrmazlyk üçin Aýatolla Hameneýiniň gurnap ýören bir hilesi bolmagy-da mümkin.

Ysraýylda ýerleşýän Orta Gündogar boýunça ykdysady we syýasy analiz kompaniýasynyň kommentatory Meir Jawedanferiň pikiriçe, Hameneýi geljekde prezidentlige kandidatlykda bir ylalaşykçy şahsyýeti goldar: “Režimiň durnuklylygy üçin oňa bir ylalaşykçy şahsyýet gerek. Beýle bolman, režim şowsuzlyga uçrasa, onda taryhçylar munda Aýatolla Hameneýiniň ýaramaz prezidentleri saýlamagyny, Ahmedinejady goldamagyny uly faktorlaryň biri edip goýarlar”.

Soňra Jawedanfer şeýle diýýär: “Mundan beýläk üns berilmeli iň möhüm organ parlament. Ahmedinejadyň edim-gylymlaryny çäklendirmekde Hameneýiniň elindäki gural şol bolar. Bu hem Larijaniniň pozisiýasyny güýçlendirip, 2013-nji ýylda geçmeli saýlawlarda onuň üstünlikli kandidat bolamgyna getirer”.

Taryh gaýtalanýar

Beýik Britaniýanyň Ekseter uniwersitetiniň Eýran boýunça alymy Maýkel Aksworsy: “Ahmedinejad öz güýç-gudratyna artyk baha berdi. Şol sebäpdenem ol indi özünden öňki prezidentleriň alan ajy sapagyny alýar” diýýär.

“Abulhasan Banisadr prezidetlik wezipesine daýanyp, özüni Eýranda bir güýçli syýasatçy edip goýjak boldy. Ol şowsuzlyga uçrap, wezipeden boşadyldy. Ali Akbar Haşemi Rafsanjaniniň hem prezident bolan döwründe etjek işlerini edip bilmänligi şübhesiz. Ol güýçli oppozisiýa bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ondan soň hem, belli bolşy ýaly, Mohammad Hataminiň reforma programmasy bökdeldi” diýip, Aksworsy ýatlaýar.

Soňra Aksworsy şeýle diýýär: “Bularyň hemmesine Eýran sistemasynda konserwatiwleriň üstünliginiň subutnamasy diýip garaldy. Ýöne bu beýlekiler bilen deňäniňde Eýranda prezidentiň gowşakdygyny-da görkezýär. Meniň pikirimçe, Ahmedinejad barada görýän zatlarymyz ýene bir gezek şuny görkezýär”.

Beýik Britaniýanyň Birmingem uniwersitetinde Eýran boýunça ekspert Skott Lukasyň garaýşyça, Ahmedinejad gatnaşmaz diýilse-de, onuň OPEK-iň duşuşygynda peýda bolmak bilen öz garşydaşlaryna zarba urmaga synanyşmagy mümkin.

“Ol baýraga kowalaşýan göreşijä meňzeş. Gysyş astyna düşende, yza çekilýär, ýöne ýene öňe atylýar. Aňtaw ministrligi barada-da şeýle boldy. Gaýtawul berlende, ol özüniň ýeňilendigini boýun aldy. Ýöne aradan salym geçmänkä, ýene öňe atylyp: ‘Men nebite gözegçilik edýän ministr boljak’ diýdi.

"Larijani şonda parlamente: ‘Biz prezidentiň nebit boýunça üýtgewsiz bir ministri bellemegini isleýäris. Biz onuň OPEK-iň 8-nji iýunda geçjek duşuşygyndan öň bellenmegini isleýäris’ diýdi. Meniň bilşime görä, Ahmedinejad tarapyndan muňa berlen jogap ýok. Şol sebäpden entek ýagdaý näbelli. Ýöne ol häzirem konfliktli meseleleriň biri bolup galýar" diýip, Lukas aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG