Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Milli kosmos agentligi dörediler


Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi dörediler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradakt karara gol çekdi diýlip, habar berilýär.

Türkmen metbugatynda berilýän maglumata görä, agentligiň döredilmeginiň maksady ylymda gazanylan soňky öňegidişlikleri ýurduň ykdysadyýetine ornaşdyrmak, şeýle-de Türkmenistanyň kosmos giňişligindäki işjeňligini ýaýbaňlandyrmakdyr.

Şu aýyň ortalarynda geçirilen türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň bäşinji maslahatynyň dowamynda “SpaceX” amerikan kompaniýasynyň wise-prezidenti Kristof Bauer 2014-nji ýylda Türkmenistan üçin kosmos sputniginiň uçuryljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG