Sepleriň elýeterliligi

FIFA-nyň abraýyna “uly zyýan” ýetdi diýilýär


FIFA-nyň prezidenti Sepp Blatter korrupsiýa aýyplamalary sebäpli federasiýanyň abraýyna “uly zyýan” ýetdi diýýär.

“Men bolan zatlara juda gynanýan. Soňky günleriň we hepdeleriň dowamynda bolan wakalar FIFA-nyň abraýyna uly zyýan ýetirdi” diýip, Blatter Surihde çykyş etdi.

75 ýaşly Blatter çarşenbe güni FIFA-nyň prezidentligine geçiriljek saýlawlar netijesinde ýene-de bu wezipede galjaga meňzeýär.

Blatteriň ýeke-täk garşydaşy, Aziýa futbol konfederasiýasynyň başlygy, asly katarly Mohamed Bin Hammama korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar sebäpli FIFA-nyň komiteti onuň kandidaturasyny aýyrypdy.

Geçen ýyl 2018-nji we 2022-nji ýyllarda futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň geçiriljek ýerleri bilen bagly ses berişlikler boýunça FIFA garşy korrupsiýa aýypmalary ýöňkelipdi.
XS
SM
MD
LG