Sepleriň elýeterliligi

Resmi Aşgabadyň habar bermegine görä, 30-njy maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentiň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek baradaky permana gol goýdy. Agentlik ylmyň gazanan üstünliklerini ýurduň ykdysadyýetine ornaşdyrmak, Türkmenistanda kosmos işlerini ýola goýmak we ösdürmek maksady bilen döredilýär diýlip, permanda aýdylýar.

Berdimuhamedowyň 30-njy maýda gol goýan permanyna laýyklykda, Milli kosmos agentliginiň öňünde: ýeriň töweregindäki orbita gözegçilik etmek, emeli hemra aragatnaşyklaryny ýola goýmak, kosmos giňişligi bilen bagly ylmy barlaglary geçirmek we Türkmenistanyň territoriýasyndan emeli hemralaryň dolandyryşyny üpjün etmek wezipeleri durýar.

27-nji maýda geçen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow Türkmenistanda täze tehnologiýalaryň we Internetiň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Emma ol ýurtda kompýuter programmalary boýunça spesialistleri taýýarlamak baradaky işleriň entek talabalaýyk däldigini belläp, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary Nazarguly Şagulyýewe we Gurbanmyrat Mezilowa ýokary okuw jaýlarynda kompýuter programmalary boýunça spesialistleri taýýarlaýan fakultetleri açmak barada görkezme berdi.

Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew prezidentiň bu aladalaryny ýerlikli hasaplaýar: “Türkmenistanyň hem kosmos ylmynda öz paýy bolmaly. Ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak barada prezidentiň görkezme bermegi ýerine düşüpdir diýip, pikir edýärin”.

Emma käbir synçylar Türkmenistan garaşsyzlyga çykandan soňra, ylym-bilime güýçli zarba urlandygy zerarly şeýle planlary durmuşa geçirmegiň ýeňil bolmajakdygyny öňe sürýärler.

Tejribe we kadrlar

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkan ýurtlary boýunça merkeziniň başlygy Artýom Ulunýan bu ýerde iki mesele bar diýýär: “Meseläniň ilkinji elementi Türkmenistan tehnologiýa taýdan ösmeli we ösen ýurtlaryň aglabasyndan yza galmaly däl. Ikinji element bolsa, has anyk häsiýete eýe. Ýagny, häzir Türkmenistanda diňe bir işine ussat, orta bilimli däl-de, ýokary bilimli kadrlar hem ýetmezçilik edýär. Şonuň üçin-de, türkmen baştutanynyň ösen tehnologiýalar bilen bagly aýdýan modernleşmesi ilkinji nobatda bilime zerur ünsüň berilmegini talap edýär”.

Ulunýanyň sözlerine görä, Türkmenistanda zerur kadrlaryň ýokdugy üçin täze kadrlary taýýarlamaga 8 ýyldan 15 ýyla çenli wagt gerek bolar. Şoňa görä-de, ösen tehnologiýalar bilen işlemek we kosmos barada ylmy barlaglar geçirmek üçin diňe bir ummasyz pul serişdesi däl-de, eýse öňi bilen daşary ýurt tejribesine ýüzlenmek zerur.

Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň alymy Öre Ylýasow bu ugurda 1967-nji ýylda açyş eden adam. Onuň açyşy netijesinde Günüň suratyny almak mümkin bolýar.
Emma Baýryýew orsýetli bilermeniň pikirleri bilen ylalaşmaýar. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanda kosmos boýunça tejribe bar: “Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň alymy Öre Ylýasow bu ugurda 1967-nji ýylda açyş eden adam. Onuň açyşy netijesinde Günüň suratyny almak mümkin bolýar. Ol wagty anyklaýjy enjamy oýlap tapypdyr. Şonuň bilen öň 1 sekuntda 24 suraty düşürip bolan bolsa, onuň enjamy bir sekuntda 8 müň suraty düşürmäge mümkinçilik berýär”.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, professor Ulunýan kosmos we ösen tehnologiýalar bilen işleşmek üçin Türkmenistanda syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň üýtgedilmelidigini hem aýdýar: “Çünki ne kompýuter, ne-de kosmos tehnologiýasy ýapyk we daşky dünýäden izolýasiýadaky ýurtda durmuşa ornaşdyrylyp bilner. Häzirki eýýamda awtoritarizm we ýapyklyk prinsiplerine esaslanýan islendik režim ýa-da syýasy-jemgyýetçilik sistemasy hut syýasy-jemgyýetçilik gurluşyny üýtgetmäge mejbur”.

Şu aýyň ortalarynda geçirilen türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň bäşinji maslahatynyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň “SpaceX” kompaniýasynyň wise-prezidenti Kristof Bauer 2014-nji ýylda öz kompaniýasynyň Türkmenistan üçin kosmos sputnigini uçurjakdygyny aýtdy diýlip, habar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG