Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabul: köpriniň aşagyndaky neşekeşler


 Birleşen Milletler Guramasynyň resmi hasabatlaryna görä, Owganystanyň ilatynyň 8%-i neşe serişdlerini, hususan-da opiumy we geroini ulanýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň resmi hasabatlaryna görä, Owganystanyň ilatynyň 8%-i neşe serişdlerini, hususan-da opiumy we geroini ulanýar.

Kabulda geroin çekýän neşekeşler esasan özleriniň gizlin ýerlerinde, ýagny taşlanan eýesiz öýlerde, idegsiz zyňlan ýük konteýnerlerinde ýygnanýarlar. Bu ýerlerde neşekeşler, neşe söwdasyny edýänlerden geroin alyp, ony gurşun kagyzyna dolap, aşagyndan ot ýakyp, inçe plastik turbajykdan onuň tüssesini sorup, özlerini perwaýsyzlyk dünýäsine atýarlar.

Emma Kabulda geroin ulanýanlaryň sanynyň artmagy sebäpli bu gizlin ýerler hem gitdigiçe ulalyp, indi köpçüligiň gözüne ilip ugraýar. Bular ýaly gizlin ýerleriň biri - Kabul derýasynyň üstünden geçýän köpriniň aşagydyr. Bu ýere her gün ýüzlerçe neşekeşler, özleriniň “bejergisini” almak üçin ýygnanýarlar.

Men ýakynda bu wakalary içgin öwrenmek üçin şol köprä gitdim. Men ilkinji sapar baranymda, neşe satýanlar meni daşlap kowdular. Ikinji sapar men eýýäm polisiýanyň işgärleri bilen gitdim, şol sapar men hiç hili bökdençsiz ol ýere baryp, şol ýerdäki adamlaryň durmuşy bilen has ýakyndan tanyşdym.

Men köpriniň aşagyna girenimde, meniň öňümde garaňky, nejis pisligiň ysyndan ýaňa porsap duran, töweregi bilen hapa-hupa çümen bir dünýä peýda boldy. Emma ol ýerdäki ýygnanan adamlar üçin göýä daş-töwerekdäki bu pislikleriň hiç haýsy ýok ýalydy, bu ýaramazlyklar olaryň ünsüni hem çekenokdy. Olaryň bar ünsi gurşun kagyzyň üstündäki geroini gyzdyryp duran oda gönügendi. Olar geroin tüsseläp başlandan soň, onuň dumanyny sormaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň resmi hasabatlaryna görä, Owganystanyň ilatynyň 8%-i neşe serişdlerini, hususan-da opiumy we geroini ulanýar. Bu 8%-i 16-64 ýaşyň aralygyndaky adamlar düzýär.

Bir wagtky futbolçy

Meniň gürrüňdeş bolanym öz adyny bermekden saklanan 38 ýaşyndaky adamdy. Onuň aýtmagyna görä, ol bir wagtlar professional futbol oýunçysy bolupdyr. Ol özüniň Eýranda bosgunlukda ýaşaýan wagty neşe öwrenendigini aýtdy. Onuň gürrüňine görä, Eýrandaky neşe satýanlar adamlara opiumy we geroini birinji gezek mugtuna çekdirýärlermiş. Neşe söwdasyny edýänler ol adamlaryň mundan soň, neşä ymykly bagly boljakdyklaryna hiç şübhelenmeýärlermiş.

Bu adam yzyna, Owganystana geleninde, bu zährimary taşlamaga synanyşandygyny aýtdy: “Men muny goýmagy karar etdim. Men keselhana bir aýyň dowamynda gatnadym, geldim-gitdim, geldim-gitdim... olar maňa “çekme” diýýärdiler. Men hem “bolýar” diýip, jogap berýärdim. Doktor maňa: muny taşlamagy ýüregiňe düwen günüňden beýläk çekmäňi bes et diýdi. Men hem goýdum. Soňra mende ýürek bulanma we içgeçme ýaly näsaglyklar başlandy. Men olara näsagdygymy, ýöräp bilmeýändigimi aýtdym. Olar hem “Biziň keselhanamyzda seniň üçin ýer ýok” diýip, jogap berdiler”

Köpriniň aşagyndaky neşekeşlerden biri şeýle gürrüň berdi: “Doktor maňa sowuk duş al diýýärdi. Ýöne meniň ýagdaýym onuň üçin ýeňlänokdy. Gaýta, tersine, men özümi erbet duýup başladym. Biraz soňra, doktor menden “sen özüňi häzir gowy duýýaňmy” diýip sorady. Menem “hawa” diýdim. Soňundan hem ol “Bu sübsäni al-da, keselhananynyň içini sübsele” diýdi. Men oňa “Men hassamy ýa-da jaý süpüriji?” diýip, sorag bilen jogap berdim. Doktor hem “Eger-de sen muny etmeseň, men seniň äňiňi ýazdyraryn!” diýip, jogap berdi”.

Soňundan ýene-de neşä gaýdyp gelen bu adam özüniň başyndan geçiren bu ahwlallaryny şeýle bir biparhlyk bilen aýdyp berýär welin, onda bu neşe belasyndan dynmaga hiç hili umyt galmadyga meňzeýär. Gynansak-da, Owganystandaky neşekeşleriň resmi statistikasy bu ýagdaýyň şeýledigini tassyklaýar.
XS
SM
MD
LG