Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa sudy: Orsýetiň hökümeti Hodorkowskiniň hukuklaryny bozdy


Şu gün ynsan hukuklary boýunça Ýewropa sudy Orsýetiň hökümetini häzirki wagt tussaglykda saklanýan biznesmen Mihail Hodorkowskiniň kanuny hukuklaryny bozmakda günäli diýip tapdy.

Ýöne şol bir wagtyň özünde-de, sud Mihail Hodorkowskä bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan aýyplamalar diýip hasaplamak üçin ýeterlik subutnamalaryň ýokdugyny aýtdy.

Hodorkowskiniň adwokatlaryndan biri Karinna Moskalenko Ýewropa sudunyň Orsýetiň hökümetine garşy çykaran kararyny özboluşly bir ýeňiş diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Ýewropa sudy Mihail Hodorkowskiniň tussag ediliş prosesinde we tussaglykda saklanyş şertlerinde kanun bozmalara hem-de bikanun kemsitmelere ýol berlendigini aýdyp, Orsýetiň hökümetiniň oňa 24 müň ýewro möçberinde kompensasiýa tölemelidigi barada karar çykardy.
XS
SM
MD
LG