Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-özbek serhedinde bolan atyşyk derňelýär


Şu gün Gyrgyzystanda döredilen jemgyýetçilik komissiýasy geçen hepde gyrgyz-özbek serhedinde bir adamyň ölümine getiren ok atyşyklar bilen bagly wakany derňemäge başlady.

Bu jemgyýetçilik komissiýasy Gyrgyzystanyň adam hukuklary boýunça ombudsmeni Tursunbek Ahunyň inisiatiwasy bilen döredildi.

Geçen hepdäniň şenbe güni gyrgyz-özbek serhedinde serhetçileriň atan okundan özbek asylly Gyrgyzystanyň raýaty Pazyljan Jalalow ölüpdi.

Özbegistanyň serhet gullukçylary onuň serhedi bikanun bozandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG