Sepleriň elýeterliligi

Ýemende protestçilere garşy ýarag ulanyldy


Şu gün Ýemeniň paýtagty Saanada prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden çekilmegini talap edýän protestçilere garşy hökümet güýçleriniň nobatdaky gezek ýarag ulanandyklary barada maglumat alyndy.

Habar agentlikleri paýtagty Saanada garşylyklaýyn atyşyklaryň we birnäçe partlamalaryň bolandygyny habar berdiler. Emma adam ýitgileriniň bolandygy ýa bolmandygy barada anyk maglumat alynmady.

Duşenbe güni Siriýanyň günortasyndaky Zinjibar şäherinde radikal yslamçy söweşijileriň kontrollygyna geçen diýlip hasaplanylýan raýonlarda hökümetiň harby uçarlary howa hüjümlerini geçirdiler.
XS
SM
MD
LG