Sepleriň elýeterliligi

Basym ýokary okuw mekdepleri tamamlanar...


Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan talyplaryň hemmesi durmuş ýoluna aladasyz gadam basýarmyka?

Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan talyplaryň hemmesi durmuş ýoluna aladasyz gadam basýarmyka?

Ýene sanlyja günlerden ýurduň ýokary okuw mekdepleri öz uçurymlaryny goýberip başlarlar. Talyplykdan saýlanan uçurymlar durmuş ýoluna gadam basarlar. Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan talyplaryň hemmesi durmuş ýoluna aladasyz gadam basýarmyka?

«Men bankdan on müň amerikan dollaryny karz alyp, ýokary okuw mekdebine okuwa girdim. Heniz şol bergimi-de üzüp bolamok. Bu ýyl ýokary okuw mekdebini tamamlaýaryn. Işe girmek üçinem tanyş gerek, pul gerek. Işe gireniňde-de iki ýüz dollara ýeter-ýetmez aýlyk bilen maşgala eklejekmi ýa-da okuw üçin öňki edilen çykdajylaryňy ýapjakmy?!» diýip, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebini tamamlaýan talyplaryň biri nalaýar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sowet döwründen galan düzgün şü günlere çenli dowam edip gelýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurym hökmany suratda döwlete iki ýyl işläp beräýmeli, ýagny nirä işe ugradylsa, şol ýerde hem iki ýyl işlemeli. Eger döwletiň ugradan ýerinde iki ýyl işläp bermedik ýagdaýynda, onda ol uçuryma ýokary okuw mekdebini tamamlandygy barada diplom berilmeýär.

Ýöne bu düzgüniň paradoks tarapy hem bar. Uçurymlaryň köpüsi iki ýyl işläp bermekden ýüz dönderip duranoklar, emma ýokary okuw mekdepleri uçurymlar üçin iş ýerini ýeterlik tapyp bilmeýärler. Olaryň uçurymlary ugradan ýerlerinde iş orunlary boş bolmaýan ýagdaýlary köp ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda iki ýyl işläp bermek şertini berjaý edip bilmän, 4-5 ýyllap diplomyny alyp bilmän kösenip ýören uçurymlar hem bar.

Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan ýaşlary hiç kim gujak açyp, işe çagyranok. Işi özüň gözläp tapmaly. Ahyrky kursa ýetilende her talybyň özi okuwy tamamlandan soň işe ýerleşjek ýerini tapyp, ol ýerden otnoşoniýe almaly.

Netijede ýene tanyş-biliş, pul gerek bolýar. Hiç bir edara-kärhana ozal hem iş orunlary ýetmän ýörkä, düýn talyplykdan saýlanan tejribesiz işgäri özüne kabul edesi gelenok.

Umuman, bilimli bolmak, okuw okamak daşyndan goräýmäge höwesli ýaly bolsa-da, türkmen ýaşlary üçin bu zatlar güzap bolup durýar. Okuw döwründe ýygnakdan-ýygnaga, çäreden-çärä, bag ekmäge, bag suwarmaga, «Saglyk ýoluna» çykmaga äkidilip, aňkasy aşyrylýan talyplar okuwyň soňky döwründe önümçilik praktikasyny geçjek ýerini-de özleri tapmaly.

Haýsydyr bir edaradan tanyş tapyp, önümçilik praktikasyny özlerinde geçer ýaly talyp ugratmagy ýokary okuw mekdeplerinden haýyş edýän hat almaly. Şol hat bilen barlan çagy önümçilik praktikasyny geçmekçi bolýan talyba hiç zat öwredilmeýär. Hatda önümçilik praktikasyny geçmekçi bolýan talyplara oturmaga ýer hem berilmeýär. Olar aýak üstünde durup-durup, hiç kim ýüzüne seretmänsoň, çykyp gaýdýarlar. Ýene ertesi gün özleriniň «önümçilik praktika geçmäge iberilen» edarasyna baryp, durup-durup gaýdýarlar.

Şeýle ýagdaýda iň soňky ýyl hem tamamlanýar. Onsoň işe başlaýan ýaş hünärmeni hakyky işgär derejesine ýetirýänçäň «Taýy at edýänçäň, eýesi it bolar» diýlene barýar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG