Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ähliumumy günä geçişlik yglan edilýär


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurtda ähliumumy günä geçişligi yglan etdi. Munuň netijesinde ýurduň türmelerinde oturan “Musulman doganlar” bileleşiginiň wekilleriniň we beýleki syýasy tussaglaryň azat ediljekdigini Siriýanyň resmi SANA habar agentligi aýdýar.

“Musulman doganlar” bileleşigi Siriýada gadagan edilen. Bu bileleşik 1982-nji ýylda, ýurduň ozalky baştutany, häzirki prezident Başar al-Assadyň kakasyna garşy şowsuz gozgalaňy geçiripdi.
XS
SM
MD
LG