Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk guramasy: mobil telefon rak keseline getirýär


Bütindünýä Saglyk Guramasynyň rak keselleri boýunça ekspertleriniň aýtmagyna görä, mobil telefonlar adamyň beýnisinde rak keselleriniň käbir görnüşleriniň döremegine sebäp bolup bilýär.

Guramanyň ekspertleri mobil telefonlaryny ulanmagy mümkin boldugyça çäklendirmäge çagyryş edýärler.

Ekspertler mobil telefonlarynyň näderejede howpludygy barada anyk bir zat aýtmazdan ozal, degişli barlaglaryň geçirilmelidigini aýdýarlar.

Rak keselleri boýunça ekspertler hiç hili täze barlaglary geçirmän, ozalky geçirilen barlaglary seljerip, bu netijä gelipdirler.

Häzir dünýäde bäş milliarda golaý adamyň mobil telefon ulanýandygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG