Sepleriň elýeterliligi

Mubarek “keselhanadan türmä geçirilip bilinmez”


Müsüriň döwlet prokurorynyň aýtmagyna görä, ýurduň ozalky prezidenti Hosni Mubarek saglyk ýagdaýy sebäpli Şarm-el-Şeýhdäki keselhanadan türmä geçirilip bilinmez.

Prokuroryň berýän maglumatyna laýyklykda, Mubarek gan aýlanşygyndaky näsazlyklar, şeýle-de pes gan basyşy sebäpli wagtal-wagtal özünden gidýär.

Ýaýradylan beýanatda nygalmagyna görä, Mubarek häzir “gowşak we sussy basylan” ýagdaýda.

83 ýaşly Hosni Mubarek ýürek agyrysy sebäpli 13-nji aprelden bäri keselhanada saklanylýar.
XS
SM
MD
LG