Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň sözçüsi ýitgiler boýunça sanlary berdi


Muammar Kaddafiniň hökümetiniň metbugat wekili Mussa Ibrahimiň berýän maglumatyna görä, NATO-nyň Liwiýa garşy edýän howa hüjümlerinde parahat ilatyň arasyndan 718 adam ölüp, 4,067 adam ýaralanypdyr.

Ibrahim bu sanlary Saglyk ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp berdi. Onuň bellemegine görä, bu görkezijileriň arasynda Kaddafä ygrarly güýçleriň hataryndaky ýitgiler görkezilmändir.

Ibrahimiň bu maglumatlarynyň näderejede takykdygyny barlamak başartmady.
XS
SM
MD
LG