Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly žurnalist Saleem Şahzad öli tapyldy


Düýbi Gonkongda ýerleşýän “Asia Times” internet gazetinde we Italiýanyň “Adnkronos International” habar agentliginde işlän žurnalist Saleem Şahzad

Düýbi Gonkongda ýerleşýän “Asia Times” internet gazetinde we Italiýanyň “Adnkronos International” habar agentliginde işlän žurnalist Saleem Şahzad

40 ýaşly pakistanly žurnalist Saleem Şahzad paýtagt Yslamabadyň eteginde öz ulagynyň içinde öli tapyldy.


Düýbi Gonkongda ýerleşýän “Asia Times” internet gazetinde we Italiýanyň “Adnkronos International” habar agentliginde işlän Şahzadyň bedeninde onuň gynamalara sezewar edilendigini görkezýän yzlaryň hem bardygyny polisiýa habar berýär.

Şahzadyň kärdeşleriniň aýtmaklaryna görä, ol öz makalalary bilen Pakistanyň aňtaw gulluklarynyň gaharyny getirene meňzeýär.

Şahzad ýekşenbe güni ýitirim bolupdy. Bu wakadan iki gün öň, Şahzadyň makalasy “Asia Times” internet gazetinde çap bolupdy. Bu makalada Pakistanyň harby-deňiz güýçleriniň birnäçe ofiseriniň terroristik toparlar bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin tussag edilmelerine jogap hökmünde “Al-Kaýda” terror toparynyň Karaçi şäherindäki harby-deňiz bazasyna hüjüm edendigi aýdylýar.

Esasan howpsuzlyk we terrorizm meselelerine ünsüni gönükdiren Şahzad öňler hem juda ýiti mazmunly makalalary ýazypdy. Onuň dostlarynyň we kärdeşleriniň aýtmaklaryna görä, ol özüniň alyp barýan işiniň näderejede howpludygyna düşünip, akyl ýetirip işläpdir.

Pakistanyň “Žurnalistleriň federal bileleşiginiň” baş sekretary Şamsul Islam Nazyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Şahzad ozüniň žurnalistik işi üçin Pakistanyň kuwwatly harby-aňtaw gullugynyň ar almagyndan howatyrlanypdyr.

Duýdurylypdyr

“Saleem Şahzad ýitirim bolmazyndan öň, özüniň dostlaryna we polisiýa, eger-de ol özüniň žurnalistiki derňewini we Pakistanyň harby-aňtaw gullugynyň hem beýleki güýç ulanyjy edaralarynyň üstünden tankydyny bes etmese Pakistanyň harby-aňtaw gullugynyň özüni ölüm howpy bilen gorkuzandygyny aýdypdy” diýip, Naz aýdýar.

Nazyň aýtmagyna görä, Şahzad öňki makalasy boýunça hem “käbir aňtaw agentlikleri” tarapyndan özüniň ulanan maglumatlarynyň çeşmeleri barada sorag edilipdir. Onuň boýun gaçyrmagy bilen, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmändigi üçin, munuň soňunyň erbet gutaryp biljekdigi barada hem Şahzada duýdurylandygyny Naz sözüne goşdy.

Şahzadyň ölümi Pakistanda žurnalistik işi alyp barmagyň näderejede howpludygyny görkeýär. Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Pakistanda dünýä boýunça iň köp žurnalist öldürlipdir.

2010-njy ýylda Pakistanda sekiz sany žurnalistiň öldürilendigi aýdylýar. Şu ýylda, Şahzady hem üstüne goşanyňda, öz alyp barýan işi üçin Pakistanda üç žurnalist öldürildi.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Şahzadyň ölümine öz gynanjyny bildirip, onuň ogurlanmagy we öldürilmegi bilen bagly ýagdaýy tizden-tiz derňemäge çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG