Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz premýeri döwlet emlägi ministrini işden aýyrdy


Sişenbe güni Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew döwlet emlägi ministri Nurdin Ylebaýewi wezipesinden boşatdy. Atambaýew ýurduň günortasyndaky ýüzlerçe protestçiniň talabyny ýerine ýetirdi.

Döwlet eýeçiligindäki “Kyrgyzmunaýgaz” korporasiýasynyň öňki başlygy Kanybek Masirowyň ýüzlerçe tarapdary Ylebaýewiň wezipesinden boşadylmagyny talap edip, gara ýoly bagladylar.

Ylebaýew Masirowy geçen aýyň ahyrynda wezipesinden boşadypdy. Protestçiler Masirowyň işden boşadylmagynyň syýasy äheňlidigini aýdýarlar.

Protestçiler Ylebaýewiň ýurdy dolandyrýan koalisiýa girýän “Respublika” partiýasynyň agzasydygyny belleýärler. Masirow bolsa oppozision “Ata Meken” partiýasynyň agzasy.

Sişenbe güni içeri işler ministriniň orunbasary Kursan Asanow protestçiler bilen duşuşdy we olaryň Oş-Bişkek gara ýoluny baglamagyny bes etmegini gazanmaga çalyşdy.

Protestçiler Atambaýewiň döwlet emlägi ministri Masirowy işden boşadandygyny öwrenenlerinden soň, gara ýoly “wagtlaýynça togtatmaga” ylalaşdylar. Emma olar Atambaýewiň “Kyrgyzmunaýgaz” korporasiýasyna gözegçilik etjek geňeşi döretmek kararyna garşydyklaryny we Masirowyň korporasiýa täzeden başlyk bellenmegini isleýändiklerini aýdýarlar.

Protestçiler Masirow ýene-de “Kyrgyzmunaýgazyň” başlygy edilip bellenýänçä, entek bu aksiýalaryny dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG