Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanlarda nähili mümkinçilikler bar?


Türkmenistanda oba hojalygynyň netijeliligi ilkinji nobatda topragyň suwarylyşyna garaşly.
Türkmenistanda oba hojalygynyň netijeliligi ilkinji nobatda topragyň suwarylyşyna garaşly.
Şu ýyl türkmen daýhanlarynyň geçen ýylkysyndan artykmaç galla ýygnajakdygyny türkmen metbugaty ýazdy. 2011-nji ýylda 1 million 600 müň tonna galla ýygyljagy 25-nji maýda başlanan galla oragy kampaniýasynyň öňünden yglan edildi.

Daýhanlaryň özleri bolsa şu ýyl galla hasylynyň ýukadygyny aýdýarlar. Türkmenistanly daýhan Akmyrat aga şu ýyl hasylyň azlygyny howanyň amatsyz bolanlygyndan we oba hojalygy boýunça guramaçylyk işleriniň pes ýöredilenliginden görýär.

Tejenli agronom Akmyrat Ataýewiň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, oba hojalygy üçin iň amatly ýerler ýerli häkimiýetleriň we olaryň ýakyn töwereginiň elinde jemlenýär, emma olaryň ýerlerini beýleki kärendeçiler ýa hakynatutma adamlar işläp-bejerýärler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda oba hojalygyna degişli ençeme kanunlar kabul edildi. Daýhanlaryň ýer, suw, tohum we tehnika bilen üpjünçiligine degişli yzygiderli çäreleriň görülýänligi yglan edilýär. Daýhanlaryň öz öndüren önümlerini birža arkaly satmaga hukugy kanun esasynda kepillendirildi.

Nädip netije gazanyp bolar?

Türkmenistanda oba hojalygynyň netijeliligi ilkinji nobatda topragyň suwarylyşyna garaşly. Emma bilermenler mundan başga-da ençeme möhüm faktorlaryň bardygyny belleýärler.

Gazagystanly bilermen, Astanada ýerleşýän Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň dosenti Saparbaý Jubaýewiň pikirine görä, oba hojalygynyň netijeliligi onuň gurluşyna we pudakdaky işiň guramaçylygyna bagly. Ol postsowet giňişliginde iň iri galla we un eksportçylarynyň biri bolan Gazagystanyň mysalynda oba hojalygynyň netijeli dolandyrylyşyna ünsi çekýär.

“Gazagystanda-da, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolşy ýaly, ekin meýdanlary satylmaýar. Emma 50 ýyllyk möhlet bilen daýhanlara kärendesine hususy ulanylyşa berilýär. Netijede ýurtda daýhanlar kärendesine alan ýerlerini öz bähbitleri we önümçiligiň berip biljek netijeliligi taýdan özbaşdak ulanyp bilýärler. Olar näme ekip, näme ýetişdirjegini özleri kesgitleýärler. Gazagystanda 10 ýyl bäri ulanylýan bu tejribe öz netijeliligini görkezýär” diýip, Jubaýew aýdýar.

Jubaýewiň pikiriçe, döwlet ýolbaşçylaryna garaşly administratiw gurluşly ýurtda oba hojalygynyň şowsuz dolandyrylýanlygyny tassyklaýan mysallar köp. Bilermen şeýle zady nygtaýar: eger türkmen häkimiýetleri oba hojalygyny ösdürmegi we daýhanlaryň baýamagyny isleseler, oba zähmetkeşlerine hasyl ýetişdirmekde-de, önümlerini satmakda-da bazar mehanizminden peýdalanmaga ýol bermeli.

Jubaýewiň bellemegine görä, oba hojalygynda döwletiň wezipesi – maliýe goldawy ýaly goşmaça ykdysady sazlaşdyryjyny ulanmakdan ybarat bolmaly.

Daýhan zähmeti

Tejenli agronom Ataýew ýer işläp bejermekde netijeliligi gazanmak üçin oňa has bilimli çemeleşmegiň, ekerançylyk medeniýetini ösdürmegiň zerurdygyny aýdýar: “Biziň esasy ýalňyşýan ýerimiz, daýhançylyk diýilse oňa bir çem gelen iş hökmünde garalýar. Bu nädogry zat. Ýer bilen iş salyşýan adam iň bir düşünjeli adam bolmaly. Ol bazar gatnaşyklaryna, ykdysadyýete, tehnika, himiýa gowy düşünýän adam bolmaly. Bir ýerde iň kyn iş bar bolsa bu daýhançylykdyr”.

BMG-niň Azyk we Oba hojalygy boýunça edarasynyň şu ýylyň martynda ýaýradan hasabatynda aýdylyşyna görä, Türkmenistanda daýhanlaryň zähmet haky beýleki pudaklaryň işgärleriniňkiden has az we ol beýleki pudaklardaky umumy ortaça aýlygyň diňe 57%-ne deň. Işlemäge ukyply oba ilatynyň iş bilen üpçünjiliginiň pesligi hasaba alynsa, bu görkeziji has hem aşaklaýar we ol bary-ýogy 26%-den ýokary geçmeýär.
XS
SM
MD
LG