Sepleriň elýeterliligi

Daýhan haklaryny kemeltmegiň ýollary


Gurbanowyň bellemegine görä, daýhanlaryň öz zähmeti özüne siňse, onda olaryň gün-güzeranlary has hem gowulanjak.

Gurbanowyň bellemegine görä, daýhanlaryň öz zähmeti özüne siňse, onda olaryň gün-güzeranlary has hem gowulanjak.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän kolhoz-sowhozlara «Daýhan birleşikleri» diýip at berlenden soň, olaryň iş usullary hem düýpgöter üýtgedi.

Döwlet tarapyndan ýylda bir gezek geçirilýän, daýhanlaryň bähbitlerine bolmadyk hasaplaşyk daýhanlaryň gün-güzeranyny kynlaşdyrypdy. Şunuň netijesinde öz zähmet haklaryny asla alyp bilmedik daýhanlar kän bolupdy.

Mary welaýatyndan kärendeçi Öwez Gurbanow şol ýyllarda ellerine nagt pul alyp bilmedik daýhanlaryň köpüsiniň öz kärende ýerlerini taşlap, ýurduň başga welaýatlaryna, paýtagta gurluşyklarda işlemäge gidendiklerini, käbirleriniň söwda-satyk bilen meşgul bolandyklaryny ýatlaýar.

Onuň aýtmagyna görä, 2000-nji ýyllardan soň ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň daýhanlara öndüren pagtasynyň ýagyny, şulhasyny, sarunyny, dänäniň kepegini bermek baradaky görkezmesinden soň, daýhanlaryň ýagdaýlary biraz gowulanyp ugrapdyr.

Gurbanow daýhanlaryň mal saklamaga islegleriniň artyp, daýhan hojalyklarynda mallaryň sanynyň hem artyp başlandygyny aýdýar. Ol öz hojalygynda 4-5 ýylyň dowamynda iri şahly malynyň sanyny 15-e ýetirendigini ýatlaýar.

Öňegidişlik ýok däl

Döwlet baştutanynyň täzelenmegi bilen, täze düzgünler hem girizildi. Daýhanlaryň öndüren hasylynyň senagat taýdan işlenip çykarylýan önümini özüne bermek düzgüni ýatyrylyp, nagt pul hasaplaşygyna geçilmegi bilen, ýene-de daýhan hojalyklarynda iým ýetmezçiligi duýlup başlandy. Döwlet tarapyndan iýmiň bahasynyň ýokary goýulýanlygy sebäpli, daýhan hojalyklary mallarynyň sanyny ozalky ýaly artdyryp bilmeýärler.

“Tabşyrylan önüm üçin döwlet tarapyndan hasaplaşyk bökdençsiz geçirilýär. Tehnikalaryň ýetmezçiligi hem ozalkylar ýaly ýiti däl. Mineral dökünleri almak hem ozalkylar ýaly kynçylyk döretmeýär. Garaz, daýhanlaryň ýagdaýlary gowulaşýar. Zähmet çekseň gün-güzeranyňy dolandyrsa boljak” diýip, kärendeçi Gurbanow aýdýar.

Gurbanowyň bellemegine görä, daýhanlaryň öz zähmeti özüne siňse, onda olaryň gün-güzeranlary has hem gowulanjak. Emma dürli päsgelçilikleriň artmagy bilen, daýhanlar öz zähmet haklarynyň belli bir bölegini ýitirýärler.

Daýhanlardan dökün, suw, tehnika hyzmatlary, bankyň hyzmaty, kärdeşler arkalaşygy üçin tölegler, daýhan birleşiginiň administrasiýasy üçin tutumlardan başga-da, pagta we galla hasylyny kabul ediş bazalarynda hem olaryň zähmet haklary ýitirilýär.

Terezi hilesi

Kärendeçi Gurbanowyň aýtmagyna görä, pagta tabşyrylanda ilki bilen terezilerde kem çekýärler. “Ýygnan pagtamy ikä bölüp, pagta kabul ediş bazasyna tabşyranymda, her çekimde 250 kilogram pagtam kem çykdy. Laboratoriýalarda çyglylygy ýokarlandyrýarlar. Şeýdibem, daýhana uly möçberde zyýan ýetirýärler” diýip, ol janygyp gürrüň berdi.

Öz güýji ýetmedik halatynda, kärendeçiler başgalaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Özlerine kömekleşýän ýygymçylaryň pagtasyny çekip alyp, olar bilen gündelik hasaplaşyk geçirýärler. "Näçe möçberde pagta ýygnananlygynyň hasaby eliňde bolsa-da, baza baranyňda her teležka ýerleşýän 3 tonna pagtaň 2,5 tonna gelýär duruberýär" diýip, Gurbanow aýdýar.

Ýogsam bolmasa, ýygymçylaryň hem her 10 kilogram ýygan pagtasyndan 1 kilogramyny çyglylyk üçin aýryp, soň hasaplaşyk geçirilýär.

“Däne babatda näçe hakyň köýýändigi anyk bolanok. Sebäbi kä halatda daýhan öz bugdaýynyň orlup, kabul ediş punktlaryna alnyp gidilendiginden hem habarsyz galýar. Ol ýerde näçe möçberde hasaplasalar öz ellerinde. Kombaýnlaryň ýanynda durup, bugdaýyňy orduranyňda hem laboratoriýalarda çyglylygyny ýokarlandyryp, hapasyny ýokarlandyryp islendik möçberi daýhanyň adyna ýazýarlar. Sen eliňe berlen hasaby alyp gaýtmaly bolýarsyň” diýip, Gurbanow aýdýar.

Gurbanowyň pikiriçe, Türkmenistanda bu nogsanlyklar, haýsydyr bir ýol bilen daýhanyň hakyna el urulmagy, indi onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. “Munuň aňyrsynda ösen korrupsiýa bar. Daýhanlar arza-şikaýat bilen ýokary instansiýalara kän ýüz tutup geldiler. Hiç bir netije bolmandan soň, irip-ýadap, arza-şikaýat etmegi hem azaltdylar. Şu mesele bilen döwlet baştutanynyň özi gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylardan talaby güýçlendirse, daýhanyň maňlaý deri bilen gazanan zähmet haky, onuň özüne nesip etjegine ynam dörärdi” diýip, Gurbanow aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG