Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan, Özbegistan adam hukugyny gödek bozýanlaryň arasynda


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Freedom House” guramasy dünýäniň repressiw jemgyýetleri barada nobatdaky hasabatyny çap etdi. Bu hasabatda dünýäniň 17 ýurdunyň we 3 regionynyň raýatlarynyň iň ýönekeý adam hukuklaryndan mahrumdyklary aýdylýar.

“Freedom House” guramasynyň täze hasabatynda dünýäniň dokuz ýurdunda we bir regionynda syýasy hukuklaryň hem raýat azatlyklarynyň juda gödek bozulýandygy bellenilýär. Şol ýurtlaryň hataryna Demirgazyk Koreýa, Özbegistan we Türkmenistan hem girýär.
XS
SM
MD
LG