Sepleriň elýeterliligi

Mubarek bilen ogullary awgustda sud ediler


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarek we onuň iki ogly şu ýylyň 3-nji awgustynda sud edilerler. Bu barada Müsüriň resmi MENA habar agentligi maglumat berýär.

Habara görä, Mubarek korrupsiýada, şeýle-de ýurtda geçirilen köpçülikleýin protestlerde ýörite matlap bilen demonstrantlary öldürmekde aýyplanylýar.

Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmegine getiren şol protestlerde 800 töweregi demonstrantyň öldürilendigi aýdylýar.

83 ýaşly Mubarek ýürek agyrysy sebäpli 13-nji aprelden bäri Şarm-el-Şeýhdäki keselhanada saklanylýar.
XS
SM
MD
LG