Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky protestler basylanda 41 adam öldürilipdir


Sişenbe güni Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri Rastan şäherindäki protestleri basyp ýatyranda parahat ilatyň arasyndan 41 adam öldürilipdir. Bu barada siriýaly hukukçy Razan Zaitouna habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy Zaitounanyň paýtagt Damaskdan habar bermegine görä, ölenleriň arasynda dört ýaşly gyzjagaz hem bar.

Siriýanyň harbylary Rastan şäherini 29-njy maýda gabawa alyp, 31-nji maýda bu ýeri oka tutupdylar.
XS
SM
MD
LG