Sepleriň elýeterliligi

Ipoteka karzynyň ilata elýeterliligi


Agentligiň analizine görä, Türkmenistanyň ilatynyň aglabasyna ipoteka karzy elýeterli däl.

Agentligiň analizine görä, Türkmenistanyň ilatynyň aglabasyna ipoteka karzy elýeterli däl.

Golaýda Orsýetiň ýaşaýyş jaýlar we kommersiýa emlägi boýunça “Penny Lane Reality” agentliginiň spesialistleri dünýäniň 60 ýurdunda ýaşaýyş jaý üçin berilýän ipoteka karzynyň ilata elýeterliliginiň reýtingini düzdüler. Olar emläkleriň nyrhyny, ipoteka karzy üçin tölemeli ortaça göterimi, şol karz üçin hasap açmagyň we ýöretmegiň bahasyny, jaýlaryň nyrhyny hasapladylar.

Netijede bu agentlik ýaşaýyş jaýlar üçin ipoteka karzynyň raýatlara elýeterliligi boýunça birinji orunda Daniýany we ahyrky 60-njy orunda bolsa, Türkmenistany goýdy.

Orsýetiň “Penny Lane Reality” agentliginiň karz pul boýunça departamentiniň başlygy Roman Stroýilowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olar bu analizi Ýewropa Bank assosiýasiýasynyň we GDA-nyň Bank assosiýasiýasynyň hemmelere elýeterli bolan maglumatlary esasynda taýýarlapdyrlar.

“Şonuň ýaly-da biz ýaşaýyş jaýlaryň bahasyny, ipoteka karzy üçin tölemeli ortaça göterimi, müşderileriň ipoteka üçin tölemeli goşmaça puluny hasapladyk” diýip, Stroýilow aýdýar.

Agentligiň analizine görä, öz ilatynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi barada Daniýa, Şwesiýa we Norwegiýa köp alada edýär. Emma Türkmenistanyň ilatynyň aglabasyna ipoteka karzy elýeterli däl.

“Gynansak-da, sap matematiki hasaplamalar boýunça şeýle netije çykdy. Biziň Türkmenistana “aýratyn göz” bilen garamak maksadymyz ýok. Biz Orsýete hem 47-nji orny berdik. Türkmenistanyň 60-njy orunda goýulmagynyň sebäbi – ýurtda ipoteka karzy üçin tölemeli göterim iň ýokary bolup, 18 prosente deň. Şonuň ýaly-da goşmaça ýygymlar hem juda ýokary”.

“Penny Lane Reality” agentliginiň ýokary derejeli spesialisti Stroýilowyň bellemegine görä, Türkmenistanda ilatyň 70 prosentine ipoteka karzy elýeterli däl.

Ösüş barmy?

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň resmi internet saýtynda türkmen hökümetiniň ilatyň jaý bilen üpjünçiligini, durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ýeňillikli bank karzlarynyň hasabyna ilata kömek etmek ugrunda iş alyp barýandygy aýdylýar. Emma ilata berlen ipoteka kreditiniň möçberi barada örän az maglumat berilýär.

Türkmenistanly publisist-ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, soňky 3 ýa-da 4 dört ýylda edilen gowy işleriň biri ilata ipoteka karzyny bermegiň ýola goýulmagydyr. Emma ol ipotekany almagyň şertleriniň känbir amatly däldigini belleýär.

“Şol karzy aljak adamyň ýaşy 30 töweregi bolmaly. Üstesine-de, özi haýsy-da bolsa bir edarada işleýän bolmaly. Ýöne Türkmenistanda işsizlik azalýan hem bolsa, entek doly aradan aýrylanok. Ýaşlaryň aglabasy işsiz. Ynha, işsizligem şol karz puly almaga böwet bolýan zatlaryň biri” diýip, Bugaýew aýdýar.

Bugaýew ipoteka karzynyň berlişinde hem adalatsyzlygyň bardygyny aýdýar: “Meselem, nebit-gaz pudagynda işleýänler karz pula berilýän jaýlaryň deň ýarpysyny tölemeli. Onuň galan ýarpysyny bolsa pudaklaýyn ministrlikleriň özi gelýän girdejilerden töleýär. Eger şol jaýdan gara geriş nebitçä, gara geriş gazça ýa-da demine zäher sorup, himiýa senagatynda işleýän işçilere berilýän bolsa, bu gutlanmaly ýagdaý”.

Orsýetiň “Penny Lane Reality”agentliginiň karz pul boýunça departamentiniň başlygy Stroýilowyň aýtmagyna görä, dünýäniň islendik ýurdunyň häkimiýetleri üçin ipoteka krediti ýaşaýyş jaý meselelerini çözmegiň ýeke-täk guraly. Hut şonuň üçin-de, häkimiýetler Türkmenistanda-da, Orsýetde-de bu meselä uly üns bermeli.

“Penny Lane Holding” 1993-nji ýyldan bäri Orsýetiň emläk bazarynda işleýär.
XS
SM
MD
LG